Türkmenistan Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryny ýeňiş bilen başlady

  • 26.03.2025 12:38
  • 8.8k+

Türkmenistan Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygynda myhmançylykda Hytaý Taýpeýinden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, Gaosýun şäheriniň “National Stadium” stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren gollary Elman Tagaýew (48-nji minut) bilen Ýazgylyç Gurbanow (83-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. 
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk 10-njy iýunda Aşgabatda geçiriler.


düýn 23:00
1.7k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......