Porsche displeý kapotly awtomobili patentledi

  • 26.03.2025 11:53
  • 2.8k+

Germaniýanyň Porsche kompaniýasy duýduryş nyşanlaryny gönüden-göni kapotda we bagaž ýeriniň gapysynda görkezmäge mümkinçilik berýän awtomobiller üçin tehnologiýany döretdi. Ol eýýäm Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynda (WIPO) patentlendi.

Patente görä, dinamiki ekranlar ýol ýagdaýy barada maglumatlary görkezer. Mysal üçin, ulag döwlen ýagdaýynda mejbury durmak nyşany ýanar, ýol-ulag hadysasynda tiz kömegi çagyrmak ýüzlenmesi bilen habar peýda bolar. Eger öňde dyknyşyk bar bolsa, “Dyknyşyk” nyşany görkeziler.
Ekranlarda “Meniň ýagdaýym gowy” ýa-da “Kömek gerek” ýaly tekst habarlary, şeýle-de “Ýabany haýwanlar”, “Çarkandak ýol” ýaly ýol nyşanlaryny görkezip biler. Ýagdaý baradaky maglumatlary awtomobil lidarlardan we nawigatordan alar.

Kuzowyň üstüni reňkli pigmentli mikrokapsulalar bilen örtmek meýilleşdirilýär. Toguň täsiri astynda bölejikler reňkini üýtgedip, şekil emele getirer. Tehnologiýa E-ink ekranlarynyň reňk grafikaly analogy diýlip atlandyrylýar.
Kompaniýa önümçiligiň gymmat boljakdygyny belleýär. Şonuň üçin patentiň alynmagy Porsche-niň bu tehnologiýany geljekde has gowy netijeleri gazanmak üçin ulanjakdygyny kepillendirmeýär.


29.05.2026 11:37
2.7k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.2k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....