Bloger bitewi sözleri ýygmak üçin 1020 klawişli klawiatura döretdi

  • 25.03.2025 18:14
  • 8.8k+

Attoparsec YouTube kanalyndan bloger her biri sözi bitewüligine çap edýän 1020 klawişli klawiatura döretdi.

YouTube blogeriniň aýtmagyna görä, şeýle klawiaturany döretmek pikiri raketa gurluşygy baradaky xkcd komiksini okanyndan soň peýda boldy, onda 1000 sany iň giňden ýaýran iňlis sözleri ulanylýar.
Taslama hem şol ýörelgä esaslandy, klawiatura klawişlerinde meşhur sözler ýerleşdirildi. Olar 1000 sany bolup, goşmaça -ing, -ed, -s ýaly goşulmalary goşmak üçin ýörite klawişler bar. Bu hem gurluşyň sözlügini giňeldýär. Şeýle-de, Enter, Esc we Shift ýaly adaty düwmeler göz öňünde tutuldy.


Kynçylyklaryň biri çap platasyny taýýarlamak boldy. Taýýar çözgüdiň ýokdugy sebäpli, bloger bäş sany aýratyn platany sargyt edip, olary birleşdirdi.
Sözli klawişler hem satuwda ýokdy, şonuň üçin awtor sublimasion çap usulyny ulandy. Galaýylamak üçin 3D çap şablonlaryny ulandy. Klawişleriň basylmagyny dolandyrmak işine 16 bit port giňeldijisi MCP23017 bilen mikrokontroller jogap berýär.
Taslama ýarym ýyl wagt aldy. Bloger adaty klawiaturada minutda 70-80 söz çap edýändigini, ýöne täzede bolsa 10 töweregi söz çap edýändigini belledi. 

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......