Ford geçiriş korobkasyndaky kemçilik sebäpli birnäçe meşhur modelini yzyna çagyrýar

  • 25.03.2025 17:12
  • 4.1k+

Ford kompaniýasy 10 tizlikli 10R awtomatiki geçiriş korobkasynda kemçilikleriň ýüze çykyp bilmek ähtimallygy sebäpli 2024-nji we 2025-nji ýylyň modellerini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.  Bu barada Autoevolution habar berýär.

Mesele yza geçirişiň işlemezligine sebäp bolup biljek esasy dolandyryş klapan korpusynyň nädogry işlenmegi bilen baglanyşykly. Käbir ýagdaýlarda R režimi saýlananda ulagyň garaşylmadyk ýerden hereket edip başlamak howpy bar.
Yza çagyryş alty modele degişli: Ford Bronco, F-150, Mustang, Ranger, Explorer we Lincoln Aviator. Näsazlygyň ilkinji alamatlary ýanwar aýynda Mustang gurnama hatarynda tapyldy we soňra bu ýene bäş kepillik ýagdaýynda tassyk boldy. Ford şübheli komponentleri bolan ulaglaryň satuwyny wagtlaýynça togtatdy.
Kemçilikli korobkalar Miçigandaky Livonia Transmission Plant zawodynda öndürildi. Awtoulaglaryň eýelerine kemçilikli bölek şaýlary mugt çalşyp bermek  wada berilýär. Habarnamalar 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda iberilip başlar.
Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu mesele bilen baglanyşykly ýol-ulag heläkçiligi ýa-da şikes ýetme hasaba alynmady. Muňa garamazdan, Ford töwekgelçilik etmek islemeýär we yzyna çagyryş kampaniýasyna başlady. Bu korobka barada sürüjilerden öň hem arz-şikaýatlar gelipdi.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....