Mercedes-Benz zawodynda robotlar işläp başlady, ýöne olar adamlary çalyşmaz

  • 25.03.2025 13:12
  • 4.6k+

Germaniýada Mercedes-Benz zawodynda adam şekilli robotlar synagdan geçirilip başlandy. Bu barada Carscoops habar berýär. Ýöne awtoöndüriji olaryň işgärleriň ornuny çalyşmajakdygyny aýdýar.

Kompaniýanyň beýanyna görä, synaglar täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilýär. Apollo atly robotlar Apptronik amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Nemes awtokonserni bu gurama onlarça million dollar maýa goýdy we indi öz robotlaryny Berlin-Marienfeldedäki zawodda ulanýar.
Apollonyň esasy wezipesi içerki logistika kömek etmekden we bir görnüşli amallary ýerine ýetirmekden ybarat. Olar komponentleri ýa-da modullary önümçilik hatarlaryna eltip biler. Soňra şaýlar ýokary hünärli hünärmenler tarapyndan ýygnalýar we awtomobillere oturdylýar. Şeýle-de, robotlar şaýlaryň hiliniň ilkinji barlagyny geçirip bilýär.
Mercedes-Benz-iň öz işgärleri robotlary okatmaga gatnaşdy. Olar tele-dolandyryş we giňeldilen hakykat tehnologiýalaryny ulandy.


22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:09
3.8k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......

13.04.2026 00:35
7.4k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....