Assassin's Creed Shadows bir wagtda oýnaýan oýunçylaryň sany boýunça rekordyny täzeledi

  • 25.03.2025 12:30
  • 3.2k+

Assassin's Creed Shadows ýapon oýny häzirki platformalarda 2 milliondan gowrak oýunçyny özüne çekdi. Steam seljeriş çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, iň ýokary derejesinde onda 64 825 adam bir wagtyň özünde oýnapdyr, bu franşiza üçin täze rekorddyr.

Ondan öň Assassin's Creed Odyssey 2017-nji ýylda 62 069 oýunçy bilen öňdeligi eýeläpdi. Soňky ýyllarda Assassin's Creed Valhalla bilen Mirage hem çykdy, ýöne olaryň hiç birem bu görkezijä golaýlap bilmedi.
Mundan başga-da, Assassin's Creed Shadows ýokary satuwy görkezdi. Ilkinji iki günde onuň iki milliondan gowrak nusgasy satyldy.
Şeýle hem oýun seriýanyň taryhynda iki sagatdan gowrak dowam eden iň uzyn titrleri görkezdi, ýöne oýunçylar kompýuter oýunlaryny munuň üçin halanok.


Oýunda wakalar Ýaponiýada Sengoku döwründe (XV asyryň ikinji ýarymyndan XVII asyryň başyna çenli) bolup geçýär. Baş gahrymanlary nindzýa gyz bilen afrosamuraý Ýasuke adalat ugrunda göreşýärler.
Oýun Assassin's Creed Odyssey-iň döredijileri Ubisoft Quebec studiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Hünärmenler Ubisoft-yň Star Wars Outlaws ýaly öňki oýunlardaky şowsuzlyklaryň fonunda mynasyp taslamany çykarmagy başarandygyny bellediler. Oýun Steam-iň oýunçylaryndan 79% oňyn syn aldy.
Assassin's Creed Shadows 2025-nji ýylyň 20-nji martynda goýberildi. Oýun PlayStation 5 we Xbox Series S / X konsollarynda, şeýle hem Steam, Ubisoft Store we Epic Games Store dükanlary arkaly personal kompýuterlerde elýeterlidir.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......