UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalyna çykan ýygyndylar belli boldy

  • 24.03.2025 13:14
  • 8.9k+

UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalyna gatnaşyjylar belli boldy. 1/4 finalyň jogap oýunlary 24-nji marta geçilýän gije tamamlandy.

Germaniýanyň milli ýygyndysy öýünde italýanlar bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady we iki duşuşygyň jemi (birinji oýun germaniýalylaryň 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy) boýunça utdy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Niderlandlaryň ýygyndysyny utdy. Iki duşuşyk hem deňme-deňlikde tamamlandy – 2:2. Penalti tapgyrynda ispaniýalylar has takyk boldy – 5:4.
Portugaliýanyň topary iki oýnuň jemi boýunça Daniýanyň milli ýygyndysyndan güýçli geldi. Birinji oýunda utulandan soň (0:1) portugaliýalylar jogap oýnunda esasy wagtda 3:2 hasabynda utmagy başardy, goşmaça wagtda bolsa garşydaşlaryň derwezesine ýene iki gol geçirdi. Jogap oýnunda ahyrky hasap 5:2 boldy.
Fransuzlar hem ýarym finala çykmak üçin der dökmeli boldy. Olar birinji oýunda Horwatiýanyň milli ýygyndysyndan 0:2 hasabynda utuldy, ýöne jogap oýnunda iki gol geçirmegi başardy. Ahyrky netije penalti tapgyrynda belli boldy – ol Fransiýanyň peýdasyna 5:4 hasabynda çözüldi.
Ýarym finalda Germaniýanyň milli ýygyndysy portugaliýalylar, Ispaniýanyň topary fransuzlar bilen oýnar. Duşuşyk, degişlilikde, 4-nji we 5-nji iýunda geçiriler. Üçünji ýer üçin oýun we final 8-nji iýunda bolar. Ahyrky tapgyr Ştutgartda we kubok üçin duşuşygy kabul etjek Mýunhende geçiriler.
Liga A-da oýnamak hukugyny myhmançylykda Wengriýany 3:0 hasabynda (birinji oýun – 3:1) utan Türkiýäniň milli ýygyndysy gazandy. Şeýle-de, ýokary diwiziona öýünde awstraliýalylary 2:0 hasabynda (birinji oýun – 1:1) utan serbler, iki oýnuň jemi boýunça ukrainalylary (1:3, 3:0) utan belgiýalylar we Şotlandiýadan güýçli bolan grekler (0:1, 3:0) çykdy.
Indiki ýaryşda Liga B-de pleý-off oýunlarynda bolgarlary utan Irlandiýanyň topary (2:1, 2:1), Slowakiýany utan Sloweniýa (0:0, 1:0), şeýle-de Islandiýadan üstün çykan Kosowanyň milli ýygyndysy (2:1, 3:1) oýnar.
Milletler ligasy dördünji gezek geçirilýär. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Ispaniýanyň milli ýygyndysydyr, şeýle-de ýaryşda Portugaliýanyň (2019) we Fransiýanyň (2021) toparlary ýeňiş gazandy.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......