Ronaldu milli ýygyndysy üçin yzygider 22 ýyllap gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy boldy

  • 24.03.2025 13:09
  • 9.8k+

Kriştianu Ronaldu yzygider 22 ýyl milli ýygyndy üçin gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Bu barada Stats Foot habar berýär.

23-nji martda Lissabonda Milletler ligasynyň 1/4 finalynyň Portugaliýa bilen Daniýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda jogap oýny geçirildi. Portugaliýa goşmaça wagtda 5:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Ilkinji duşuşyk Daniýanyň peýdasyna tamamlanypdy – 1:0.
Bu ýeňiş Portugaliýany ýaryşyň ýarym finalyna çykardy. Ol bu ýerde Germaniýa bilen duşuşar.
Ýeňşe “Al-Nasryň” 40 ýaşly hüjümçisi hem öz goşandyny goşdy. Ronaldu gol bilen tapawutlandy we bu onuň karýerasynda 929-njy, Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin bolsa 136-njy goly boldy. Klub derejesinde onuň 793 goly bar.
Ronaldu milli topar üçin gol sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda Argentinanyň milli ýygyndysy üçin 112 gol geçiren Lionel Messi gelýär. 


şu gün 14:35
2.2k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 21:49
1.8k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 16:30
8.6k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......