Assassin’s Creed Shadows oýnuny çykan ilkinji gününde 1 mln adam oýnady

  • 23.03.2025 18:50
  • 2.5k+

20-nji martda çykan Assassin’s Creed Shadows oýny bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi we çykan birinji gününde 1 milliondan gowrak oýunçy tarapyndan oýnaldy. Bu barada oýnuň X sosial torundaky resmi hasabynda mälim edildi.

«Assassin’s Creed: Shadows 1 million oýunçy derejesini eýýäm geçdi! Feodal Ýaponiýadaky bu başdan geçirmä goşulanyňyz üçin size tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu syýahata siziň bilen bilelikde başlandygymyza diýseň begenýäris!» — diýip, Ubisoft bu üstünligi belläp, beýanat berdi.

Oýun PC, PlayStation 5 we Xbox Series platformalarynda elýeterli. Oňa Steam-de eýýäm 3,6 müňden gowrak syn berildi we oýunçylaryň 81%-i tarapyndan maslahat berlip, «Örän oňyn» diýen bahany aldy.
Assassin’s Creed Shadows oýnundaky wakalar Sengoku döwründäki feodal Ýaponiýada geçýär we iki esasy gahrymanyň gözýetiminden gürrüň berilýär: zenan nindzýa we afrosamuraý Ýasuke. Bu jübüt bilelikde adalaty dikeltmek we ar almak üçin göreşýärler. Oýun Assassin’s Creed Odyssey-iň awtory bolan Ubisoft Quebec tarapyndan işlenip düzülen.
Şeýle hem käbir oýunçylaryň bellemegine görä, Assassin’s Creed Shadows-yň jemleýji ýazgylary (titrleri) haýran galdyryjy derejede 2 sagatdan hem köp dowam edýär. Mysal üçin, kinofilmleriň taryhynda iň uzyn titrleriň biri hasaplanýan «Ýüzükleriň hökümdary: Patyşanyň dolanmagy» (Властелин колец: Возвращение короля) filminde hem, titrler bary-ýogy 9 minut 33 sekunt dowam edýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......