Lamborghini 2024-nji ýyly rekord satuw, girdeji we önümçilik bilen jemledi

  • 23.03.2025 18:42
  • 4.4k+

Lamborghini kompaniýasy 2024-nji ýyly taryhyndaky iň ýokary satuw we girdeji bilen tamamlady. Italýan brendi ilkinji gezek 3,09 milliard ýewro girdeji gazandy, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16,2% ýokarydyr. Operasion girdejisi 835 million ýewro ýetip, bu ugurda gatnaşygy 27% derejesinde saklandy diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Bir ýylyň dowamynda jemi 10 müň 687 awtoulag müşderilere gowşuryldy – bu bolsa kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Satuwlar ähli sebitlerde artdy. Bu görkezijilere esasy goşandy täze sport ulaglary, şol sanda V12 gibrid ulgamy we üç elektromotorly Revuelto modeli goşdy.
Şeýle hem Lamborghini täzelenen Urus SE hem-de täze hereketlendirijili Temerario kupe modelini hödürledi. Bu täze modeller brendiň premium pudakdaky ornuny has-da berkitdi. Şeýle-de GDA ýurtlarynda hem Lamborghini superkarlaryna bolan isleg barha artýar, sebäbi bu ulaglar tizligi we eksklýuziwligi halaýanlar üçin niýetlenýär.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...