Huawei giň ekranly eplenýän Pura X modelini hödürledi

  • 23.03.2025 11:44
  • 3.2k+

Huawei soňky ýyllardaky iň täsin eplenýän smartfonlaryň birini – Pura X modelini hödürledi.

Smartfonyň 6,3 dýuýmlyk içki ekranynyň 16:10 gatnaşygy – häzirki zaman noutbuklarda ulanylýan proporsiýa meňzeýär. AMOLED LTPO 2.0 displeýiniň durulygy 2120 × 1320 piksel bolup, täzeleniş tizligi 1 Gs-den 120 Gs-e çenli üýtgeýär. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy 2500 kd/m² bolup, HDR-i goldaýar we 1440 Gs PWM ýagtylyk sazlamasyny ulanýar.
3,5 dýuýmlyk daşky ekranynyň durulygy 980 × 980 piksel, iň ýokary ýagtylygy bolsa 2500 kd/m². Ol LTPO AMOLED tehnologiýasy esasynda gurlup, 1 Gs-den 120 Gs-e çenli uýgunlaşýan täzeleniş tizligini we HDR goldawyny öz içine alýar.
Daşky ekranyň gapdalynda dört kameraly ulgam ýerleşýär: 50 MP esasy kamera (f/1.6 diafragma, RYYB sensorly), 3,5 esse optiki zumly teleobýektiw, 40 MP giň burçly kamera we reňk sensory. Öňdäki selfi kamerasy bolsa 10 MP çözgütde surata düşürýär.
Enjam täze HarmonyOS 5 operasion ulgamynda işleýär. Täzeden işlenip düzülen ýadrosy, güýçlendirilen Ark motory we bulut hyzmatlary bilen doly integrasiýasy bilen, täze programmalaryň giň ekosistemasy bilen üpjün edilýär. Öňki wersiýa bilen deňeşdirilende, operasion ulgamynyň öndürijiligi 40% ýokarlanan.
Smartfon Pangu modeli esasynda işleýän emeli aň bilen üpjün edilip, DeepSeek modeli bilen sesli kömekçini goldaýar. Şeýle-de enjamda ulanyjynyň göz hereketlerine görä sahypalary öwürmäge mümkinçilik berýän emeli aňly göz yzarlaýyş tehnologiýasy bar.
Enjam 4720 mA·sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylyp, 66 Wt çalt simli we 40 Wt çalt simsiz zarýad berşi goldaýar. Ol IPX8 gorag standarty bilen üpjün edilýär. Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.2 goldawy bar, üstesine, Huawei Pura X Collector’s Edition modeli hemra aragatnaşyk goldawyny hem hödürleýär.
Smartfon üç reňkde elýeterli bolar: Moon Shadow Gray (çal), Zero Degree White (ak), Phantom Night Black (gara). Şeýle-de Pura X Collector’s Edition modeli hem üç reňkli iki wersiýada hödürlenýär: Stylish Green (sarymtyl ýaşyl) we Stylish Red (gyrmyzy).
Huawei Pura X smartfonynyň 12/256GB görnüşiniň başlangyç bahasy 7499 ýuan (1050 dollar). 512 GB içerki ýatly görnüşi bolsa 1110 dollar bahadan satylar.
Pura X Collector’s Edition bolsa 16 GB operatiw ýat (RAM) we 512 GB ýa-da 1 TB içerki ýatly görnüşlerde hödürlenýär, olaryň bahasy bolsa, degişlilikde 1250 we 1400 dollar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...