Honda Accord 2025 Sport hödürlendi

  • 23.03.2025 12:35
  • 5.7k+

GAC - Honda bilelikdäki kärhanasy «Honda Accord 2025 Sport» modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «Autohome» habar berýär.

«Honda Accord 2025 Sport» modeliniň esasy aýratynlyklary: faralar bilen bitewi we sazlaşykly gurlan nokat şekilli hrom bilen bezelen gözenegi hem-de gara reňkli detallary. Yz tarapyndaky Honda nyşany has ulaldylan. Ulag indi «Venice Blue» reňki bilen hem hödürlenýär. Awtoulagyň umumy ölçegleri üýtgemedi (uzynlygy, takmynan, 5 metr bolan Accord öz synpynyň iň giň sedanlarynyň biri bolup durýar). Interýerde-de kän bir üýtgeşik täzelik ýok.
Hereketlendiriji ulgamyň görnüşleri: wariatorly 1,5 litrlik turbomotorly (192 at güýji, 260 Nm tork) görnüşi hem-de 2,0 litrlik hereketlendirijisi (148 at güýji) bilen elektromotory (184 at güýji) bolan gibrid görnüşi. Gibrid görnüşiň umumy kuwwaty 207 at güýjüne ýetýär. NEDC ölçeglerine görä, diňe elektrik energiýasy bilen geçýän ýoly – 106 km.
«Honda Accord 2025 Sport» modeli 179,8 müň – 214,8 müň ýuan (takmynan, 24,9 – 29,7 müň dollar) aralygyndaky bahalar bilen üç dürli komplektasiýada hödürlenýär. Şeýle-de ilkinji müşderiler üçin 62 müň ýuana (takmynan, 8,5 müň dollara) çenli ýeňillikler bar.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......