Hytaýda öý haýwanlaryny klonlatmak barha meşhurlyk gazanýar

  • 23.03.2025 11:32
  • 4.6k+

Hytaýlylar öý haýwanlaryny gitdigiçe has köp edinýärler. Şol bir wagtda olary klonlatmak (nusgasyny taýýarlatmak) boýunça hyzmatlara has köp ýüz tutýarlar diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Pekinli dizaýner Lýu Sin 15 ýyl mundan ozal köçede bir pişige duş gelýär. Ol bu pişigi öýüne äkidýär we oňa Tomket diýip at dakýar. Wagtyň geçmegi bilen ol garraýar we keselleýär. Lýu Sin ony bejertmek üçin, takmynan, 14 müň dollar harçlaýar. Şeýle-de bolsa, ol pişiginiň tiz wagtdan öljekdigine akyl ýetirýär. Şondan soň ol internetden haýwanlaryny klonlaýan hyzmatlary gözläp başlaýar. Tomket ölensoň, hünärmenler onuň derisinden nusga alýarlar. Klonlama prosesine birnäçe gezek synanyşýarlar we üçünji gezekde olar üstünlik gazanýarlar. Netijede, Tomketiň edil öňküsine meňzeş nusgasy dünýä inýär. Lýu Sin bu hyzmat üçin, olara 19 müň dollar töleýär.
Hünärmenleriň pikirine görä, pişikler we itler bilen işleşmek kämahal kynçylyk döredýär. Sebäbi surrogat enäniň göwreliligi hemişe üstünlikli bolmaýar. Kähalatlarda bolsa ol bir däl-de, birnäçe klon pişigi ýa-da iti dünýä inderýär. Müşderiler köplenç 12-18 aýdan soň öz klonlanan öý haýwanlaryny alýarlar. Onuň bilen birlikde saglygy barada ýörite netije, genetiki deňeşdirme we fotosurat albomy hem berilýär. Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda klonlanan haýwanlar keselli bolýar ýa-da asyl nusgasyndan tapawutlanýar.
Hytaýda öý haýwanlaryny klonlamaga kanuny taýdan rugsat berilýär. Emma bu hyzmatyň meşhurlygynyň artmagy bilen jemgyýetde etiki meselä bolan gyzyklanma hem ýokarlanýar. Şeýle-de klonlama hyzmatynyň bahasy ýylsaýyn gymmatlaýar. Häzirki wagtda bir öý haýwanyny klonlatmagyň bahasy 21 müň dollar bilen 52 müň dollar aralygynda üýtgeýär.


28.05.2026 21:19
3.6k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
2.9k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.1k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......