Mazda içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerini kämilleşdirmegi dowam etdirýär

  • 22.03.2025 22:44
  • 3.6k+

Elektrik ulaglarynyň eýýamynda Mazda içinden ýandyrylýan hereketlendiriji tehnologiýasyny kämilleşdirmeklige ünsi jemledi we täze Skyactiv-Z hereketlendirijisini hödürledi. Motor ilkinji gezek 2027 CX-5 krossowerinde peýda bolar.

Hereketlendiriji Euro 7 we LEV IV ülňülerine laýyk gelýär we ony kuwwata zyýan bermezden, ekologiýa taýdan arassa edýär.
Skyactiv-Z hereketlendirijiniň iş režimleriniň arasynda çeýelik bilen geçmegine mümkinçilik berýän SPCCI tehnologiýasyny ulanýar we ýangyç harçlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýylylyk taýdan netijeliligi ýokarlanar we zyňyndylary bolsa  azalar.
Kompaniýa hiline ünsi jemläp, hereketlendirijiler hatarynyň ýarpysyny azaldar. Skyactiv-Z kuwwatynyň we tygşytlylygynyň deňagramlylygy arkaly geljegiň iň gowy hereketlendirijilerinden biri bolup biler.


04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

19.03.2026 04:19
2.5k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.7k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...