Xiaomi smartfonlaryň we elektromobilleriň kömegi bilen rekord ýyllyk girdeji gazandy

  • 22.03.2025 23:27
  • 4.1k+

Xiaomi dördünji çärýek we tutuş 2024-nji ýyl üçin maliýe netijeleri barada habar berdi. Geçen ýylyň jemi boýunça kompaniýa 365,9 mlrd ýuan ($50,5 mlrd) möçberde girdeji gazandy. Bu hem kompaniýa üçin rekord görkeziji boldy. Ýyllyk girdeji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Muňa kompaniýanyň smartfonlar, elektromobiller, IoT we internet hyzmatlary ýaly ugurlarda üstünlik gazanmagy ýardam etdi.

Xiaomi-niň 2024-nji ýylda düzedilen arassa girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 41,3% ýokarlanyp, 27,2 mlrd ýuan ($3,7 mlrd) boldy. Kompaniýanyň dördünji çärýekde gazanan girdejisi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 48,8% ýokarlanyp, ilkinji gezek 109 mlrd ýuana ($15 mlrd) ýetdi.
Kompaniýanyň smartfon satuwyndan gazanan ýyllyk girdejisi 191,8 mlrd ýuan ($26,5 mlrd) boldy, bu umumy girdejiniň, takmynan, 52%-ine deňdir. Hasabat döwründe kompaniýa bütin dünýäde 169 mln smartfon satyp, 56 ýurduň bazarlarynda iň uly üpjün edijileriň üçlügine we 13 ýurtda öňdebaryjylaryň bäşligine girdi.
Xiaomi-niň ekoulgamynda 700 mln aýlyk işjeň ulanyjy bolup, şolardan 170 mln ulanyjy içerki bazaryň paýyna düşýär. Bu mukdar kompaniýanyň smartfonlaryny ulanyjylary, şeýle-de akylly öý enjamlarynyň, dakylýan elektronikanyň we elektromobilleriň eýelerini öz içine alýar.
Hasabata görä, kompaniýa 2024-nji ýylda 136 854 elektromobil satdy. Kompaniýa özüniň 200 000-nji awtomobilini bir ýyldan az wagtyň içinde çykarandan soň, 2025-nji ýyl üçin üpjünçilik maksady 350 müň elektromobile çenli artdyryldy.
Şeýle-de, hasabatda kompaniýanyň ylmy gözleg bölümçesinde 21 190 adamyň bardygy görkezilýär. Geçen ýyl ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar üçin maýa goýum möçberi 24,1 mlrd ýuan ($3,3 mlrd) boldy. 2025-nji ýylda kompaniýa bu ugurlara çykdajylary 30 mlrd ýuana ($4,15 mlrd) ýetirmegi meýilleşdirýär.


şu gün 19:15
414

Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy...

25.10.2025 11:40
2.8k+

Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi

Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3% peseldi diýip, Omdia portalynyň analitikleri habar berýär. Şeýle-de bolsa, öňdebaryjy öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik güýçli bolup galýar we üpjünçilik möçberlerindäki tapawut kem-kemden azalýar...

01.09.2025 16:52
5.6k+

Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär

Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi. Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy...

22.08.2025 08:15
2.5k+

Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy...