Google «Pixel 9a» smartfonyny hödürledi: iň uly batareýa, iPhone-a meňzeş dizaýn we $499-dan başlaýan baha

  • 22.03.2025 10:53
  • 2.5k+

Google kompaniýasy elýeterli smartfony Pixel 9a-ny resmi taýdan hödürledi diýip, «GSMArena» habar berýär.

Ol uly göwrümli batareýasy we kämilleşdirilen surata düşüriş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Smartfon IP68 gorag standarty bilen tozana we suwa çydamly.
Pixel 9a daşky görnüşi boýunça Pixel 9 seriýasynyň beýleki modellerine meňzeýär. Smartfonyň ekrany Corning Gorilla Glass 3 aýnasy bilen örtülen we tekiz alýumin çarçuwasy bilen gurşalan. Yzky paneli polikarbonatdan ýasalan. Täze model Pixel 8a-daky aýlawly gyralardan tapawutlylykda, tutuş tekiz dizaýnda işlenip taýýarlanan.


Pixel 9a täze Google Tensor G4 çibi we Titan M2 howpsuzlyk prosessory bilen üpjün edilýär. Ol 8 GB operatiw ýat (RAM) we 128 ýa-da 256 GB içerki ýat bilen hödürlenýär.
Enjam 6,3 dýuýmlyk pOLED displeý bilen enjamlaşdyrylan. Onuň durulygy 2424 × 1080 piksel, täzeleniş ýygylygy bolsa 120 Gs. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy HDR mazmun görkezilende 1800 kd/m², ekranyň meýdanynyň 5%-inde ölçenilende bolsa 2700 kd/m² çenli ýetýär. HDR goldawy bar, emma reňk çuňlugy 8-bit bilen çäklenýär. Barmak yzy skaneri ekranyň aşagynda ýerleşdirilen.
Pixel 9a-nyň kamera ulgamy täzeden işlenip düzülen. Esasy kamerasy 48 MP bolup, awtofokus, ƒ/1,7 ýagtylyk güýji we optiki durnuklaşdyryş bilen üpjün edilýär. Ol sekuntda 60 kadr tizlikde 4K formatda wideolary ýazga almaga ukyply. Oňa goşmaça 13 MP giň burçly kamera (ƒ/2,2) ýerleşdirilen. Öňdäki kamerasy hem 13 MP bolup, 4K wideony sekuntda 30 kadr tizlikde ýazga alyp bilýär. Pixel 9a täze surata düşüriş funksiýalaryny – makro düşürişi we astrofotografiýa mümkinçiliklerini hödürleýär.


Pixel 9a modeli Android 15 operasion ulgamy bilen üpjün edilýär we Google-yň iň täze emeli aň aýratynlyklaryny goldaýar. Beýleki Pixel modelleri ýaly, ol hem 7 ýyllap operasion ulgam we howpsuzlyk täzelenmelerini alar.
Google-yň maglumatlaryna görä, Pixel 9a-nyň litiý-ion batareýasynyň sygymy 5100 mA·sag bolup, ol bir gezeklik zarýad bilen 30 sagatdan gowrak işleýär. Bu häzirki wagta çenli çykan Pixel modelleriniň arasyndaky iň uly batareýa bolup durýar. Smartfon 23 Wt çalt simli zarýad berşi we Qi standartly simsiz zarýad berşi goldaýar.
Pixel 9a dört reňkde hödürlenýär: Obsidian (gara), Porcelain (ak), Peony (gülgüne) we Iris (benewşe).
Google Pixel 9a smartfonynyň başlangyç bahasy 499 dollar bolup, ol aprel aýynda satuwa çykarylar.


15.12.2025 16:39
2.1k+

Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler

Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär...

15.12.2025 09:17
1k+

Google Translate ähli Android enjamlar üçin sinhron terjime funksiýasyna eýe boldy

Google kompaniýasy Google Translate hyzmatynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Esasy üýtgeşme indi islendik nauşnik modeli bilen işleýän sözleýşi sinhron terjime etmek funksiýasy boldy. Ozal bu mümkinçilik diňe Pixel Buds-yň eýelerine elýeterlidi...

15.12.2025 07:37
1.1k+

Google we Warby Parker 2026-njy ýylda gündelik ulanmak üçin emeli aňly äýnegini çykararlar

Google we Warby Parker kompaniýalary özleriniň bilelikde işläp taýýarlan emeli aňly akylly äýnekleriniň bazara çykaryljak senesini tassykladylar. Satuwa goýberilişi 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. "Interesting Engineering" neşiriniň ýazmagyna görä, bu hyzmatdaşlyk yglan edilenden soň ilkinji takyk bildirişdir...

11.12.2025 18:33
2.6k+

Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer

Google we Apple tehnologiýa kompaniýalary Android bilen iOS operasion ulgamlarynyň arasynda geçmek prosesini ýönekeýleşdirmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar enjamlaryň we hyzmatlaryň biri-biri bilen gabat gelijiligini ýokarlandyryp, smartfon çalşylanda maglumatlaryň aňsat geçirilmegini üpjün eder...