PUBG-niň döredijileri 30 sekuntda 3D grafika döredýän emeli aňy hödürledi

  • 22.03.2025 10:56
  • 4.4k+

Tencent kompaniýasy 30 sekuntda 3D modelleri döretmäge ukyply täze emeli aň gurallaryny hödürledi. Bu tehnologiýa Hunyuan3D-2.0-a esaslanyp, esasan dizaýnerler we oýun öndürijiler üçin niýetlenendir diýip, «Reuters» habar berýär.

Kompaniýa bäş sany açyk modeli hödürledi, şol sanda turbo wersiýasy hem bar. Ol rekord tizlikde ýokary takyklyk we jikme-jiklik bilen 3D modelleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Tencent-iň wekilleriniň aýtmagyna görä, olaryň neýrotory tekstiň laýyklygy, geometrik takyklygy we şekil hili boýunça bäsdeşlerinden has öňde durýar.
Bu täze emeli aň ulgamy kompaniýanyň oýun senagatynda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek strategiýasynyň dowamy bolup durýar. Mundan öň Tencent kompaniýasy DeepSeek R1-den hem çalt işleýän Hunyuan Turbo S ulgamyny hödürläpdi.
TikTok-yň enelik kompaniýasy ByteDance hem VeOmniverse taslamasy bilen şu ugurda iş alyp barýar. Emma Tencent-den tapawutlylykda, olaryň tehnologiýasy entek açyk däl.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......