Beýik Britaniýada uçýan taksiler işe girizilýär

  • 22.03.2025 10:33
  • 7.8k+

Beýik Britaniýada «Joby Aviation» awiasion kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan eVTOL görnüşli elektrik aerotaksiler 2026-njy ýyla çenli «Virgin Atlantic» aerokompaniýasynyň ekoulgamyna goşular we işe giriziler. Bu taksiler howa menzillerinden şäherleriň merkezlerine çenli ýolagçylary gysga wagtda gatnatmaga mümkinçilik berer. Meselem, Hitrou howa menzilinden Keneri-Uorf işewürlik etrabyna çenli 80 minutda däl-de, bary-ýogy 8 minutda aşyp bolar diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Işe giriziljek aerotaksiler elektrik hereketlendirijiler bilen işleýärler. Şol sebäpdenem olar ne ses döredýärler, ne-de zyýanly gazlary bölüp çykarýarlar. Olar bir gezeklik zarýad bilen 160 km ýol geçýär we iň ýokary tizligi 320 km/sag-e ýetýär. Bu görkezijiler ýolagçylary diňe şäheriň içinde däl-de, eýsem şäherden-şähere hem tiz wagtda gatnatmak üçin mümkinçilikleriň öňüni açýar. Aerotaksileriň işe girizilmegi bilen, ýolagçylar orunlary Virgin Atlantic-iň ykjam goşundysy arkaly bronlap bilerler.
2026-njy ýyla çenli uçuşlaryň bahalary ýokary hilli ulag paýlaşyk (premium carsharing) hyzmatlaryndaky bahalar bilen deňleşer. Sebäbi aerotaksiler üçin meýdançalaryň sany artdyrylar. Bu taslamany «Delta Air Lines» amerikan awiakompaniýasy hem goldaýar. Olar eVTOL infrastrukturasyny ABŞ-da ornaşdyrmak üçin hem işleri alyp barýarlar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli aerotaksiler megalopolislerde (uly şäherlerde) adaty ulag serişdesine öwrüler. Olar ýol hereketlerindäki dyknyşyklygy ýeňleder we «çalt syýahat» düşünjesini täzeden kesgitlär.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......