Telegramyň işjeň ulanyjylarynyň sany aýda bir milliarddan geçýär

  • 21.03.2025 17:32
  • 2.6k+

Telegramyň aýlyk işjeň ulanyjysy bir milliarddan geçdi diýip, messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Telegram dünýäde habar alyşmagyň iň meşhur programmasy boldy (Hytaýyň WeChat-yndan başga).
Telegramdan öň birinji orunda WhatsApp durýar, Durow ony öz messenjeriniň  “arzan” we “ýuwan” imitasiýasy diýip at berdi.

“Ençeme ýyllaryň dowamynda olar bizi haýallatmak üçin, lobbi we PR kampaniýalaryna milliardlarça dollar sowrup, täzeliklerimizi göçürmäge synanyşdylar. Olar şowsuzlyga uçradylar. Telegram ösdi, girdejili kanala öwrüldi we bäsdeşimizden tapawutlylykda garaşsyzlygyny saklady" diýip, Durow ýazýar.

Şeýle hem, Durowyň ýazyşy ýaly, ulanyjylaryň gatnaşygy-da artýar. Orta hasap bilen her bir ulanyjynyň Telegramy günde 21 gezek açýandygyny we oňa her gün 41 minutyny sarp edýändigini belleýär. Durowyň sözlerine görä, 2024-nji ýylda girdeji 547 million dollar boldy.
2024-nji ýylyň aprelinde Durow amerikaly žurnalist Taker Karlsona bir ýylyň içinde milliard ulanyja garaşýandygyny aýdypdy. “Häzirki wagtda 900 million ulanyjysy bolan Telegramda gaty gowy işlenilýär diýip hasaplaýaryn. Ýene bir ýyldan aýdaky  işjeň ulanyjylarymyzyň sanynyň bir milliarddan geçmegi gaty ähtimal "-diýip, messenjeriň esaslandyryjysy nygtady.
Durow 2024-nji ýylyň dekabrynda Telegramyň ýylyň dowamyndaky umumy girdejisiniň milliard dollardan geçendigini ýazdy. Onuň sözlerine görä, 2022-nji ýylda peýda bolan tölegli Telegram Premium hyzmatyna ýazylan abonentleriň sany 12 milliondan geçdi we mahabatdan gelýän girdejisi “birnäçe esse artdy”.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...