Ýene 5 ýyldan haýsy kärler ýitip biler, haýsyna isleg bolar: hünärmenleriň çaklamasy

  • 21.03.2025 16:04
  • 10k+

Awtomatizirleme, emeli aň we ekologiki geçiş global zähmet bazarynyň gurluşyny üýtgeder. Bu barada materialy Forbes neşir etdi.

Hünärmenler käbir pudaklarda işden çykarylmalar artsa, beýlekilerde işgärlere bolan isleg barha artar diýip hasaplaýar. Bütindünýä ykdysady forumynyň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýä ykdysadyýeti 92 mln töweregi iş ornuny ýitirer, şol bir wagtyň özünde 170 mln täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.
Geljek 5 ýylda boş iş orunlarynyň tehnologiýa pudagynda, maglumat seljermesinde, energetikada we lukmançylykda has köpelmegine garaşylýar.
Çaklamalara görä, has uly iş ösüşiniň boljak ugurlary şulardan ybarat:

  • ·Programma üpjünçiligini we ykjam goşundylary işläp düzüjiler (+57%)
  • ·Kiberhowpsuzlygy dolandyrmak boýunça hünärmenler (+53%)
  • ·Maglumatlary saklamak we seljermek boýunça hünärmenler (+49%)
  • ·Awtonom we elektrik ulag boýunça inženerler (+48%)
  • ·UI/UX dizaýnerleri (+48%)
  • ·Ýeňil ýük ulaglarynyň sürüjileri we kurýerler (+46%)
  • ·Zatlaryň interneti boýunça hünärmenler (+42%)
  • ·Maglumat analitikleri we ylmy gözlegçiler (+41%)

Kiberhowpsuzlyga we maglumat dolandyryşyna aýratyn üns bermek gerek, sebäbi maglumatlaryň göwrüminiň artmagy haker hüjümleriniň howpuny ýokarlandyrýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem bu pudakda iş orunlarynyň sanynyň artmagyna ýardam eder.
Ýitmek ýa-da ep-esli azalmak howpunyň astynda bolan kärler:

  • ·Poçta işgärleri (-34%)
  • ·Kassirler we bank işgärleri (-31%)
  • ·Maglumat girizme operatorlary (-26%)
  • ·Administratiw we ýerine ýetiriji kömekçiler (-20%)
  • ·Tipografiýa işgärleri (-20%)
  • ·Buhgalterler we zähmet haklaryny hasaplamak boýunça hünärmenler (-18%)
  • ·Ammar işgärleri we maddy gymmatlyklaryň hasaby (-16%)
  • ·Gazet paýlaýjylar we köçe satyjylary (-14%)

Adaty pudaklarda, aýratynam, bank we söwda ugurlaryndaky kärler awtomatizirleme we emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli ýiter. Geljek 3-5 ýylda täze tehnologiýalaryň netijesinde banklar 200 müňe çenli işgäri azaldyp biler.
Bu özgertmelere nähili taýýarlyk görmeli? Bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin maglumat seljermesi, emeli aň we kiberhowpsuzlyk başarnyklaryny ösdürmek hem-de täze sanly gurallary we tehnologiýalary özleşdirmek möhümdir.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......