Google Nowruza baýramçylyk dudluny bagyşlady

  • 21.03.2025 06:32
  • 4.1k+

Google amerikan kompaniýasy Nowruz baýramyna ýörite dudl bagyşlady. Ol suratkeş Pendar Ýusefi tarapyndan döredildi.

Dudl – bu Google tarapyndan möhüm wakalar mynasybetli döredilýän we gözleg ulgamynyň baş sahypasynda ýerleşdirilýän ýörite suratlar.
2025 Novruz Bayramı atly dudlda baýramçylygyň nyşanlary – ýazyň gelendigini alamatlandyrýan semeni, gülleýän agaçlar we garlawaçlar şekillendirilýär. Şeýle-de, suratlarda Merkezi Aziýa halklarynyň däp bolan eşiklerini ýada salýan milli lybasly personažlar, aýratynam, L harpynda reňki boýunça gyzyl türkmen donuny ýada salýan köýnegi hem-de goýun derisinden tikilen ak telpegi geýen ýigit bar.

“Bahar baýramynyň ýaşy 3000 ýyldan gowrak diýlip hasaplanylýar, başlangyjyny Eýrandan (şol wagt Parsystan) alyp gaýdýar we häzirki günde dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär” – diýip, Google Doodles-yň sahypasynda aýdylýar.

Şeýle-de, habarda bu baýramçylykda “öýde doly arassaçylyk işlerini geçirmegiň, ýumurtga bezemegiň we geçen ýylyň oňyn däl energiýasyndan arassalanmak we geljek üçin ýaşaýyş güýjüni çekmek üçin otdan böküşi guramagyň” adatdygy bellenilýär.
Nowruz baýramyny Eýranda, Merkezi Aziýada, Owganystanda, Azerbaýjanda, Kawkazda, Türkiýede we Günorta Aziýada 300 mln töweregi adam belleýär. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda baýramçylyk ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....