Redmi çagalar üçin niýetlenen ilkinji akylly sagadyny hödürledi

  • 21.03.2025 06:22
  • 2k+

Redmi brendi çagalar üçin niýetlenen ilkinji akylly sagadyny hödürledi. Täze sagadyň korpusy açyk reňkli, berk we suw geçirmeýär. Enjam dürli görnüşdäki sanly ekranlary goldaýar. Onda wideojaň üçin ýörite kamera we çaganyň nirededigini anyklamak funksiýasy bar diýip, «Gizmochina» habar berýär.

Sagadyň 1,68 dýuýmlyk, 360×390 piksel durulykdaky uly ekrany bar. Onuň ýokarsynda ýerleşýän 5 MP kamerasy wideojaň arkaly ene-atalara çagalary bilen hemişe aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Aragatnaşyk üçin 4G moduly bar, GPS, Beidou we Wi-Fi arkaly 9 derejeli lokasiýa gözegçiligini amala aşyryp bolýar. Ene-atalar çagalar üçin «howpsuz zolaklary» kesgitläp bilýärler we şol ýerden çykanlarynda bildiriş alyp bilýärler. Çaganyň nirede gezendigi baradaky maglumatlar 90 gün saklanýar.
«Sapaklar» atly ýörite tertip sagadyň üns sowujy ähli funksiýalaryny bloklaýar. Şeýle hem sagat çagalar üçin niýetlenen WeChat programmasyny goldaýar. Ondaky ähli maglumatlar AES256 şifrleme arkaly goralýar. Sagat fiziki işjeňligi hem yzarlap bilýär.
950 mA·sag sygymly batareýasy enjamy zarýada goýmazdan, üç güne çenli arkaýyn ulanmaga mümkinçilik berýär. Sagadyň korpusy suw geçirmeýär, şeýle-de ol 20 metre çenli çuňlukdaky suwa çümdürilmäge çydamly.
Täze sagat 24-nji martda satuwa çykarylar. Bahasy: 499 ýuan (takmynan, 69 dollar).


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...