Iň betnyşan balyk Täze Zelandiýada ýylyň balygy boldy

  • 21.03.2025 00:16
  • 10k+

Öň dünýäde iň betnyşan jandar diýlip ykrar edilen damja balyk indi Täze Zelandiýada ýylyň balygy adyna eýe boldy. Ol bu tituly Mountains to Sea tebigaty goraýyş gaznasy tarapyndan gurnalan bäsleşikde aldy diýip, The Guardian habar berýär.

Bäsleşik 2020-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýyl guramaçylar rekord mukdarda – 5583 sany arza kabul etdi.
Damja balyk (Psychrolutes marcidus) 1286 ses gazandy. Ol atlantik uly kelleden (Orange roughy) 300 ses öňe geçdi. Üçünji orny uzyn ýüzgüçli derýa ýylanbalygy (Anguilla mossambica) eýeledi.
Beýleki bäsdeşleriň hatarynda kiçi deňiz aty, seýrek bökýän balyk, akula we skatlar bardy.
Damja balyk on ýyldan gowrak wagt öň Täze Zelandiýanyň gözleg gämisiniň bortunda düşürilen suratdan soň belli boldy. Soňrak ol köp sanly internet memleriniň gahrymanyna öwrüldi. 2013-nji ýylda damja balyk dünýäde “iň betnyşan jandar” diýlip atlandyryldy.Ol Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynda, Täze Zelandiýanyň we Awstraliýanyň kenarlarynda ýaşaýar.
Bu balygyň ýüzüş haltasy, doly derejeli skeleti, myşsalary ýa-da teňňeleri ýok. Munuň deregine onuň bedeni suwdan dykyzlygy pes bolan žele dokumadan ybarat, bu hem oňa deňiz düýbüniň üstünde gaýmaga mümkinçilik berýär.
Bu görnüş 130 ýyl ýaşap bilýär diýlip hasaplanylýar.

“Ol awy has golaý gelip, tä agzyna girýänçä diýen ýaly oturýar we garaşýar. Mundan başga-da, bu balyk – wepaly ene-ata: ene balyk bir höwürtgä 100 000-e çenli işbil taşlaýar we olardan balyjaklar çykýança goraýar” – diýip, tebigaty goraýyş gaznasynyň wekili Konrad Kurtua aýtdy.

Hünärmeniň bellemegine görä, suwuň basyşy bilen damja balyk, pökgi bolsa-da, adaty keşbe eýe bolýar, ýöne suwuň ýüzünde ol “şowsuz lukmançylyk tejribeleri” ýaly görünýär.


şu gün 10:55
1.3k+

ABŞ-da garrama garşy öýjük terapiýasyny synagdan geçirip başlarlar

Life Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy şu ýyl ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmelere garşy göreşmek üçin, öýjükleri bölekleýin täzeden programmirlemek usulynyň ilkinji kliniki synaglaryna başlamagy......

13.04.2026 20:25
8.9k+

UFC-niň hemaýatkäri Ak tamda geçjek turniriň söweşijilerine 1 million dollar bonus berer

14-nji iýunda ABŞ-nyň Ak tamynda geçiriljek UFC turniriniň gatnaşyjylary umumy bahasy 1 million dollar bolan goşmaça baýraklary almak mümkinçiligine eýe bolar. Bu jomartlygy UFC-niň hyzmatdaşy bolan Crypto......

13.04.2026 01:30
10k+

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....

12.04.2026 00:02
10k+

Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi....