Garward ýyllyk girdejisi 200 müň dollardan pes bolan maşgalalar üçin okuwy mugt eder

  • 20.03.2025 23:58
  • 6.7k+

Garward uniwersiteti maliýe kömeginiň şertlerine üýtgetmeleriň girizilendigini mälim etdi. 2025-nji ýyldan ýyllyk girdejisi 200 müň dollardan pes bolan maşgalalardan bakalawr talyplary mugt okap biler. Bu barada dünýäniň iň abraýly okuw jaýlarynynyň biriniň saýtynda habar berilýär.

100 müň dollardan pes girdejili maşgalalar üçin uniwersitet diňe bir okuw tölegini däl, eýsem ýaşaýyş jaýy, lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we kampus bilen öýüň arasyndaky ýol tölegi üçin çykdajylary hem ýapar.
Täze üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň tomsunda bakalawra girýän dalaşgärler üçin hereket eder. Häzir Garward kollejinde okuwyň bahasy ýylda 56 müň dollardan gowrak. Ýaşaýyş, azyk we beýleki çykdajylar bilen bolsa, mukdar tas 83 müň dollara ýetdi diýlip, uniwersitetiň maliýe kömegi saýtynda aýdylýar.
Maliýe maksatnamasynyň giňeldilmegi 2004-nji ýylda öňe sürlen başlangyjy dowam etdirýär. Maksatnama pes girdejili maşgalalardan dalaşgärler üçin bilimiň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Häzir ýylda girdejisi 85 müň dollara ýetýän maşgalalardan talyplar mugt okaýar.
Häzirki wagtda maliýe kömegini bakalawr talyplarynyň 55%-i alýar. 2023/2024-nji okuw ýylynda ortaça maşgala tölegi 15,7 müň dollar boldy.
Garward şeýle syýasaty alyp barýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebi däl. 2025-nji ýylyň tomsundan şeýle teklibi Massaçusets tehnologiýa instituty, Pensilwaniýa uniwersiteti we Tehas uniwersiteti hödürlär. Çäre maşgalasy okuw tölegini doly ýapyp bilmeýän zehinli dalaşgärler üçin elita bilimini has elýeterli etmäge gönükdirilýär.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......