Tomas Bah Halkara Olimpiýa Komitetiniň ömürlik hormatly prezidenti diýlip yglan ediler

  • 20.03.2025 17:57
  • 3.9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde Tomas Baha, guramanyň başlygy wezipesinde işlemek möhleti gutarandan soň, ömürlik "hormatly prezident" derejesini bermek kararyna geldi. Bu barada TASS habar berýär.

Bah 71 ýaşynda. Ol 2013-nji ýylda sekiz ýyllyk möhlet bilen Halkara olimpiýa komitetiniň prezidentligine saýlanypdy. 2021-nji ýylda dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy.
Halkara olimpiýa komitetiniň prezident saýlawy 20-nji martda geçiriler. Guramanyň täze lideri 24-nji iýunda Tomas Bahyň ornuna geçer.
Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine Halkara ýeňil atletika federasiýalary birleşiginiň prezidenti Sebastýan Kou, Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti Morinari Watanabe, Halkara lyža sporty we snoubord federasiýasynyň prezidenti Ýohan Eliaş, Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Dawid Lapartýan, Halkara olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Feýsal Al-Huseýnwise, Halkara olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Huan Antonio Samaranç-kiçi we suwda ýüzmek boýunça iki gezek olimpiýa çempiony Kirsti Kowentri dagy dalaşgärlik edýär.


03.03.2026 11:20
3.2k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

21.02.2026 10:38
1.9k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...