Täze Redmi A5 4G smartfonlary 90 dollardan satylar

  • 20.03.2025 07:35
  • 7.5k+

Xiaomi kompaniýasy örän arzan bahaly täze smartfonyny – Redmi A5 4G modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Smartfon 6,88 dýuýmlyk, 720p durulykdaky we 120 Gs täzeleniş ýygylykly displeý (OLED däl) bilen enjamlaşdyrylan. Enjam Unisoc T7250 prosessory bilen işleýär. Bu iň kuwwatly çipset bolmasa-da, AnTuTu synaglarynda, takmynan, 300 müň bal gazandy. Şol bir wagtyň özünde, bu görkeziji häzirki wagtda giňden ulanylýan Helio G81/G88/G91 we olara meňzeş prosessorlardan has ýokarydyr.
Telefon 4GB/6 GB operatiw ýat (RAM) hem-de 64GB/128 GB içerki ýat (ROM) bilen hödürlenýär.
Beýleki aýratynlyklarynyň arasynda 32 MP esasy kamerasy, arzan smartfonlarda seýrek duş gelýän gradient reňkli yzky paneli, 5200 mA·sag sygymly batareýasy we 18 Wt zarýad beriş goldawy bar.
Enjamyň bahalary häzirlikçe mälim edilmese-de, şeýleräk bolmagyna garaşylýar: 4/64 GB görnüşi – 90 dollar, 6/128 GB görnüşi – 105 dollar.
Şeýle-de täze smartfonyň haýsy ýurtlarda satuwa çykjakdygy barada hem häzirlikçe anyk maglumat ýok.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...