Ýylyň ahyryna çenli Counter-Strike 1.6-nyň täzelenen görnüşi - CS: Legacy peýda bolar

  • 19.03.2025 11:33
  • 1.7k+

CSPromod-yň öňki döredijileri Valve-iň Source Engine resmi çeşme dwižogynda CS 1.6-nyň remeýkiniň üstünde işleýärler. Taslama meşhur oýny täzelenen görnüşde yzyna getirmegi wada berýär. Oýun 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Steam-da çykarylar. Emma käbir garaşylmadyk ýagdaýlar hem bar.

Ýakynda işläp taýýarlaýjylar resmi treýler hödürlediler. Ol oýnuň düýbünden täze kod we çeşmeler bilen noldan başlap döredilendigini görkezýär. Täzelenen Source dwižogy täzelenen renderi, şeýderleri we beýleki gowulaşmalary aldy. Şol bir wagtyň özünde, awtorlar onuň asyl ruhuny saklamaga çalyşdylar. Treýlerde CS 1.6-yň asyl sesleri bar we gahrymanlaryň fizikasy üýtgewsiz galdyryldy.
Taslamany maliýeleşdirmek üçin topar Patreon-y işe girizdi, bu ýerde abonentlere bonuslar hödürlenýär: ýapyk Discord-a elýerlilik ýa-da titrlerde agzalmak.
Garaşylmadyk ýagdaý diýilýäni bolsa, Valve oýny Steam-de goýberdermi ýa-da ýok? Öň, kompaniýa Classic Offensive ýaly taslamalary petikleýärdi. Şeýle-de bolsa, Black Mesa-nyň şowly mysaly munuň mümkindigini görkezýär.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....