Poco F7 Ultra bilen F7 Pro-nyň renderleri tanyşdyrylyşyndan öň Internetde ýaýrady. Bahalary, dizaýny...

  • 19.03.2025 11:29
  • 3k+

27-nji martda Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň golçur brendi bolan Poco kompaniýasy F7 Ultra we F7 Pro seriýalaryny hödürlär. Tanyşdyrylyşdan 10 gün öň ýakynda täze önümleriň renderleri Internetde peýda boldy.

Syzdyrylan maglumatlara görä, iki model hem 2K+ durulykda we 120Hz täzelenme tizlikli 6,67 dýuýmlyk AMOLED ekrany alar. Android 15 esasly HyperOS 2.0 programma üpjünçiliginiň gabygy hökmünde gurnaldy.
Flagman Poco F7 Ultra şu aşakdakylary alar:

  • iň täze Snapdragon 8 Elite prosessoryny;
  • ýadynyň opsiýalary: 12/256 GB ýa-da 16/512 GB;
  • ölçegleri – 8,39 mm, agramy - 212 gr;
  • üç esasy kamerany: 50 MP (esasy), 50 MP (teleobýektiw), 32 MP (giň burçly);
  • 32 MP-lyk öň kamerany;
  • 120 Wt çalt zarýad berijili we 50 Wt simsiz 5300 mAh batareýany;
  • IP68 goragyny.

Smartfonyň gara we sary reňklerde çykjakdygy barada öň habar berlipdi. Ýewropada garaşylýan baha 749 ýewro töweregi.
Poco F7 Pro modeli şu aşakdakylary alar:

  • meňzeş 6,67 dýuýmlyk AMOLED displeýi (2K +, 120 Hz);
  • Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryny;
  • ýady: 12 GB RAM we 256 ýa-da 512 GB ammar;
  • kamerasy: 50 MP (esasy) we 8 MP (giň burçly);
  • 20 MP-lyk öň kamerany;
  • 90 Wt simli zarýad berijili 6000 mAh batareýany (simsiz);
  • galyňlygy 8,12 mm we agramy 206 gr;
  • IP68 goragy.

Reňkleri: gök, gara we kümüşsöw. Ýewropadaky bahasy takmynan 499 ýewro.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...