Casio G-Shock oazislerden ylham alan sagatlaryny hödürledi

  • 19.03.2025 11:00
  • 2.4k+

Casio kompaniýasy çöl howdanlaryndan ruhlanan ýiti gök-ýaşyl öwüşginli täze G-Shock Oasis kolleksiýasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast ýazýar.

Hatara dört model girdi: GA-2100AS-2A, GA-2100AS-5A, GA-110AS-2A we GA-110AS-5A. Olaryň ählisi gök we ak reňklerde elýeterli.
Sagatlar brendiň firma stilini saklaýar: GA-110 uly industrial korpus, GA-2100 ykjam sekiz burçly dizaýn we 3D siferblat bilen hödürlenýär.
Korpus, bezel we kemer bio-dargaýan şepbikden ýasalyp, bu sagatlary ýeňil, berk we sport bilen işjeň meşgullanýanlar üçin tüýs laýyk edýär.
Kolleksiýa çöl landşaftlaryny we oazisleri şekillendirýär: siferblatdaky we sagat markerlerindäki ýumşak gök-ýaşyl öwüşgin çuňluga aralaşan ýaly duýgyny döredýär.

Hatardaky ähli modeller 200 metre çenli çuňlukda hem suw geçirmeýär, şeýle-de urga çydamly we tersine sanama taýmeri bar.
GA-2100AS-2A we GA-2100AS-5A sagatlary Super Illuminator LED yşyklandyrmasy, bäş budilnik, sekundomer (1/100 sekunt) we dünýä wagty funksiýasy bilen üpjün edildi. GA-110AS-2A we GA-110AS-5A sekundomer (1/1000 sekunt) we LED yşyklandyrmasyny hödürleýär.
Bahalar 120 dollardan 140 dollar aralygynda üýtgeýär. Olar eýýäm satyn almak üçin Casio G-Shock amerikan saýtynda elýeterli.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....