BMW Trampyň girizen paçlary sebäpli şu ýyl 1 mlrd ýewro ýitirer

  • 19.03.2025 05:54
  • 5.3k+

BMW kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen eksport paçlarynyň konserne şu ýylyň jemleri boýunça 1 milliard ýewro zyýan ýetirjekdigini duýdurdy diýip, «The Times» neşiri habar berýär.

Konserniň baş direktory Oliwer Sipse bu sanlaryň çaklanylýan iň pes görkezijilerdigini aýtdy. Emma BMW-niň ýolbaşçylary girizilen ähli paçlaryň tutuş ýyl dowam etmegine garaşmaýandyklaryny belläp geçdiler.
Bilermenleriň pikirine görä, BMW diňe bir ABŞ-nyň paçlaryndan däl, eýsem beýleki ýurtlaryň muňa jogap hökmünde görjek çärelerinden hem zyýan çekip biler. Belläp geçsek, BMW-niň ABŞ-daky zawodlarynda öndürilýän ulaglaryň tas ýarysy diýen ýaly Germaniýa, Hytaýa, Kanada we Beýik Britaniýa eksport edilýär.


şu gün 10:58
1.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......