Ispaniýada 200 müň ýaşly iň gadymy haşamly daş tapyldy

  • 19.03.2025 06:18
  • 3.5k+

Arhelologlar Marbelýa şäherinden (Malaga welaýaty, Ispaniýa) taryhdan öňki, haşamlanyp nagyşlanan daşy tapdylar, onuň ýaşy 200 müň ýyldan hem geçip biler. Bu çaklama tassyklansa, onda tapyndy sungatyň iň gadymy nusgasyna öwrüler diýip, Marbelýanyň şäher geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Tapyndy 1950-nji ýyllarda irki paleolit daş gurallary tapylandan soň, arheologiki ýadygärlik hökmünde kesgitlenen Koto-Korreanyň töwereginden tapyldy. Ekspedisiýa Ispaniýanyň Medeniýet, bilim we taryhy miras ministrligi ýolbaşçylyk etdi.
Esasy täsinlik çyzykly nagyşlar bilen gabbro blokdy. Alymlar bu nagyşlaryň bilkastlaýyn ulanylandygyna ynanýarlar. Tapyndy sungatyň ösüşine düşünişimizi düýpgöter üýtgedip biler. Haşamlarda adam ýa-da haýwan aç-açan suratlandyrylmasa-da, ony adamyň yşarat bilen özüni beýan etmeginiň ilkinji mysallaryndan biri hasaplamak bolar.
Tapyndynyň ýaşyny kesgitlemek üçin takyk senesini kesgitlemegiň usullary, şol sanda çökündi jynslarda kwars derňewi we bloky 3D modelirleme ulanylar. Döwrebap tehnologiýalar barlagçylara daşy gaýtadan işlemegiň tötänleýin yzlaryny bilgeşleýin çyzyklardan tapawutlandyrmaga we oýma aýratynlyklaryny öwrenmäge kömek eder.
Ozal 2021-nji ýylda Sulawesi adasyndan tapylan indoneziýa gowagyndaky suratlar çekilen iň gadymy surat hasaplanýardy diýip, CNN habar berýär.  Olaryň ýaşy 45,5 müň ýyl.


13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......