ABŞ-da dünýäde iň kiçi mikrokontrollýor döredildi

  • 18.03.2025 23:12
  • 6.8k+

Amerikaly ýarymgeçirijileri öndüriji Texas Instruments MSPM0C1104 mikrokontrollýoryny döretdi. Onuň ululygy bary-ýogy 1,38 inedördül millimetr bolup, dünýädäki iň kiçi mikroçipdir.

Kindiwanjadygyna garamazdan, çipiň energiýa tygşytlaýşy haýran galdyrýar. Ol adaty fitnes bileziginden 10 esse az energiýa sarp edýär.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, MSPM0C1104 -40-dan 125° C-a çenli temperaturada işläp, ykjam enjamlar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle çip dakylýan elektroniki enjamlar we lukmançylyk enjamlary üçin amatly, çünki bularda ykjam ölçege we energiýa tygşytlamaklyga möhüm ähmiýet berilýär. Texas Instruments täze önümiň kuwwaty we kiçi göwrümi sazlaşdyrmak bilen, akylly gajetleriň indiki nesli üçin esas boljakdygyna ynanýar.


23.05.2026 23:52
2.3k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

23.05.2026 11:17
5.9k+

«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady....

06.05.2026 16:23
1.6k+

Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky......

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....