Ford-uň gibrid modelleri programma üpjünçiligindäki bökdençlik sebäpli birden “bitarap” režime geçip bilýär

  • 18.03.2025 11:17
  • 2.6k+

Ford 2021-2024-nji ýyllarda çykan Maverick, Escape we Lincoln Corsair gibrid modellerini yzyna çagyrýar. Munuň sebäbi hereketlendirijiniň dolandyryş modulynda (HPCM) programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy bolup, ol ulagyň duýdansyz ýagdaýda “bitarap” režime geçmegine sebäp bolup biler. Netijede, ulagyň çekijiliginiň ýitmegi bilen, heläkçiligiň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar.

Ford 2024-nji ýylda eýýäm programma üpjünçiligini täzeledi, ýöne barlagda ulaglaryň takmynan 2% -iniň dogry wersiýasyny almandygy anyklandy. Bu näsazlyk bilen baglanyşykly şu güne çenli hiç hili ýol-ulag heläkçiligi barada habar gelip gowuşmady.
Yza çagyryş 2021-2022-nji ýyllarda çykan Linkoln Corsair, 2022-nji ýylda çykan Ford Escape we 2022-2024-nji ýyllarda ABŞ-da we Meksikada öndürilen Ford Maverick gibrid modellerine degişlidir. Söwda dellallaryna 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde habar berler, ulag eýelerine bolsa 18-nji aprelde gözükdirmeli hatlar iberiler. Meseläni çözmek üçin programma üpjünçiligini OBD-II anyklaýyş porty arkaly täzelemeli. Ulaglaryň eýeleri abatlaýyş üçin töleg tölemeli bolmazlar.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....