Britaniýada öňki ýangyn söndürijiniň meýdanda tapan orta asyr ýüzügi auksiona çykarylar

  • 18.03.2025 11:13
  • 6.6k+

Norfolkda (Beýik Britaniýa) tapylan gymmat bahaly seýrek orta asyr ýüzügi auksiona çykarylar. Ol £15–18 müň bilen bahalandyrylýar diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Bu ýüzügi metal gözlemek bilen gyzyklanýan 63 ýaşly öňki ýangyn söndüriji Mark Sell tapdy. 2019-njy ýylyň noýabrynda ol enjamyň gowşak signalyny eşidip, 23 sm çuňlukda çukur gazdy we “hapa tokgasynda inçe altyn zolagyny” gördi. Bezeg ýakut, granat we zümerret daşly altyn ýüzük eken.
Sell tapyndy barada ýer eýesine habar berdi, şondan soň ýüzük okrug ofiserine gowşuryldy. Ol wagtlaýyn Britan muzeýinde goýuldy. Hünärmen Laura Smitiň aýtmagyna görä, şeýle ýüzügi XII-XIII asyrlarda ýepiskoplar dakynypdyr.
Noonans Mayfair auksiony 26-njy martda geçiriler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......