Porsche 175 km çenli menzil geçýän elektrowelosipedi hödürledi: bahasy tas $11 müň

  • 18.03.2025 07:38
  • 3.7k+

Porsche ýeňil karbon çarçuwaly we Shimano EP801 hereketlendirijisi bilen eBike Sport 2025 elektrowelosipedini çykardy. Ol Demirgazyk Amerikada we Ýewropada 10,920 dollara satylýar.

Bu kompaniýanyň elektrowelosipediniň eýýäm bäşinji nesli bolup, ol ýeňil ýollar we şäher ýollary üçin niýetlenendir. Model Rotwild bilen bilelikde işlenip düzüldi. Dizaýnyny bolsa Studio F. A. Porsche taýýarlady.
Welosiped agramy bary-ýogy 21,6 kg bolan karbon çarçuwasyna we 12 tizlikli Shimano ulgamyna eýe boldy. Shimano EP801 hereketlendirijisi beýiklikden aňsatlyk bilen geçmäge we tizligi artdyrmaga kömek edýär. Akkumulýatorlar sygymy boýunça üýtgeýär: S ölçeg üçin 504 Wt/sag, M we L üçin 630 Wt/sag. Tygşytly režimde geçilýän menzil 175 km ýetýär.
Täzelenmeleriň arasynda öňdäki Fox Float 34 Performance Elite asgyjy we yzky Fox Float DPS amortizatory, şeýle-de takyk dolandyryş üçin täze rul bar. Supernova Starstream X Pro faralary we yzky Topeak BeSeen çyrasy garaňkyda görmäge mümkinçilik berýär. Tizlik we zarýad baradaky maglumatlar Shimano SC-EM800 displeýinde ýa-da Shimano E-Tube Ride programmasynda görünýär.
ABŞ-da M we L ölçegleri, Ýewropada S, M we L ölçegleri elýeterli. Ony Porsche Design onlaýn dükanynda ýa-da Porsche dilerlerinde satyn almak bolýar.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......