Telegram düzgün bozan akkauntlary “doňdurar”

  • 17.03.2025 23:28
  • 4.1k+

Telegram platformanyň düzgünlerini bozýan ulanyjylary jezalandyrmak boýunça çemeleşmesini üýtgedýär. Eger öň şeýle akkauntlar tutuş mazmuny bilen bilelikde bozulýan bolsa, indi messenjer “ýumşak bloklamany” synagdan geçirýär. Bu barada beta-wersiýanyň lokalizasiýa faýllaryndan belli boldy. 

Täze funksiýa akkauntlary “doňdurmagy” göz öňünde tutýar. Düzgüni bozanlar “Diňe okamak üçin” režimine düşer: olar çatlary we faýllary görüp biler, ýöne habarnama iberip ýa-da platforma bilen aragatnaşyk saklap bilmez. Ulanyjynyň resmi bot arkaly çäklendirmelere garşy çykmaga wagty bolar. Eger bu bellenilen möhletde ýerine ýetirilmese (ol häzirlikçe belli däl), akkaunt hemişelik bozular.
Bu pikir ähli zady birbada ýitirmegiň deregine, adamlara möhüm maglumatlary saklap galmaga we bu jeza garşy çykmaga mümkinçilik bermekden ybarat. Häzir işläp düzüjiler funksiýanyň üstünde işleýär, şol sebäpli ol resmi taýdan girizilmezden ozal üýtgeşmelere sezewar bolup biler.
Telegram bu barada heniz teswir bermedi, ýöne beta-wersiýa kodundaky maglumatlar onuň çynlakaý bolup biljekdigini görkezýär. 


04.03.2026 12:15
1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
745

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...