Uill Smit soňky 20 ýylda ilkinji albomyny çykarar

  • 17.03.2025 19:18
  • 4.2k+

Uill Smit özüniň bäşinji solo albomynyň çykjak senesini yglan etdi. “Based on a True Story” albomy 28-nji martda çykar we onuň soňky ýigrimi ýylda ilkinji aýdym-saz relizi bolar.

Anons aýdym sanawy bilen birlikde artistiň Instagram akkauntynda peýda boldy. Sanawda ogly Jeýden Smit, aýdymçy Teýana Teýlor, soul-sazanda Žak Ross we dijeý Jazzy Jeff bilen hyzmatdaşlykda döredilen aýdymlar bar. Soňkusy bilen Smit 1980-nji ýyllaryň ahyrynda DJ Jazzy Jeff & The Fresh Prince duetinde işleşdi.
Alboma BET baýragynda ýerine ýetirilen “You Can Make It” aýdymy we eýýäm çykan Big Şon bilen “Beautiful Scars”, Joýner Lukas bilen “Tantrum” we Rass bilen “Work of Art” aýdymlary girdi. Sanawda bu aýdymlar üçin fitler görkezilmedi.
Albomyň daşlygyndaky “Birinji möwsüm: R.I.T.W.” belligi taslamanyň dowam etdirilmeginiň mümkindigini görkezýär.
Bir ýyl ozal Extra bilen söhbetdeşlikde Smit albomyň üstündäki işler barada gürrüň beripdi. Onuň aýtmagyna görä, albomyň ýazgysyna bir ýarym ýyl gerek boldy. Şeýle-de, artist albomy “häzire çenli ýazan iň şahsy we güýçli aýdym-sazy” diýip atlandyrdy.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....