Ejesi we agtygy barada oýlanypdyr: Peruwly balykçy açyk ummanda 95 gün galansoň halas edildi

  • 17.03.2025 18:00
  • 13k+

Peruwly 61 ýaşly balykçy Maksimo Napa Kastro Ýuwaş ummanynda 95 günläp ýekelikde galanyndan soň halas edildi. Bu waka barada Peruwyň «Andina» agentligine salgylanyp, «CNN» neşiri habar berýär.

Napa Kastro 7-nji dekabrda Peruwyň günortasyndaky Markona şäherinden gaýyk bilen ummana çykýar we ýitirim bolýar. Emma soň onuň ýaramaz howa sebäpli ugruny ýitirip azaşandygy we açyk ummanda ýüzüp gezendigi ýüze çykarylýar. Ony 11-nji martda Ekwadordan gelýän balykçylyk gämisi tapýar.
Halas edilenden soň Napa Kastro diri galmak üçin ýagyş suwuny ýygnandygyny, şeýle-de tutup bilen mör-möjeklerini, guşlaryny we pyşbagalaryny iýendigini gürrüň berdi. Şeýle-de bolsa, ol soňky 15 günüň dowamynda hiç zat iýip bilmändir. Tapyp halas edenlerinde ol diýseň hor eken, suwsuzlykdan ejir çekýärdi we ýagdaýy agyrdy.
Balykçy maşgalasy baradaky pikirleriň ony diri galmak üçin höweslendirendigini aýtdy.

«Özüme, men ejem üçin diri galmaly diýip aýtdym. Meniň heniz birnäçe aýlyk agtygym bar ahyryn, men şolar üçin ýaşamaly. Her gün ejem hakda pikir edýädim» — diýip, Napa Kastro ýerli metbugata gürrüň berdi.

«CNN» neşiriniň bellemegine görä, balykçynyň garyndaşlary we dostlary ony üç aýlap gözlemeklerini bes etmändirler. Napa Kastronyň gyzy 3-nji martda Facebook sahypasynda kakasyny gözlemek ugrundaky tagallalary barada ýazyp, onuň diridigine umyt bildirendigini aýdypdyr. Napa Kastro halas edilenden soň, gyzy «Ekwadordaky doganlaryna» kakasyny halas edendikleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......