Xiaomi kamerasynyň dizaýnyny üýtgedip, Redmi Note 14S smartfonyny täzeden hödürledi

  • 16.03.2025 22:52
  • 5.3k+

Xiaomi Merkezi we Gündogar Ýewropa bazarlary üçin niýetlenen Redmi Note 14S smartfonyny hödürledi. Ýöne gurluş Redmi Note 13 Pro 4G bilen birmeňzeş diýen ýaly, onuň diňe kamera blogunyň dizaýny üýtgedi.

Esasy üýtgeşme sensorlaryň görnüşi we ýerleşişi bilen baglanyşykly bolup, tehniki aýratynlyklar öňküligine galdy. Smartfon 6-nm tehproses boýunça döredilen MediaTek Helio G99 prosessorynda işleýär. Displeý hem üýtgemedi – bu Full HD+ durulygy (2400 × 1080) we 120 GS täzelenme ýygylygy bilen 6,67 dýuýmlyk AMOLED.
Esasy kamera 200 Mp sensor bilen üpjün edildi. Kompaniýa operasion ulgamyň wersiýasyny aýtmady, bu bolsa gurluşyň özünden öňki model ýaly köne Android 13-de işleýändigini aňladyp biler.
Redmi Note 14S gök, benewşe we gara reňklerde çykarylýar. Resmi bahasy 8 GB operatiw we 256 Gb içki ýat üçin 260 dollara barabar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...