ADATA 1 TB çenli göwrüm bilen dünýäde iň kiçi daşky SSD maglumat göterijisini hödürledi

  • 16.03.2025 15:36
  • 3k+

ADATA kompaniýasy daşky gaty SSD maglumat göterijisi SC730-y mälim etdi. Öndürijiniň aýtmagyna görä, ol dünýäde iň ykjam göterijidir.

Gurluşyň uzynlygy 36 mm, agramy – bary-ýogy 7,8 g. Daşky görnüşi boýunça ol fleşkany ýada salýar, ýöne iş tizligi boýunça ondan öňe geçýär.
SSD geçirijilik ukyby 10 Gbit/s bolan USB-C ýa-da USB-A (3.2 Gen 2 wersiýa) interfeýsi bilen üpjün edildi. Yzygiderli okaýyş we ýazgy tizligi 600 MB/s ýetýär. Gurluş +5-den +35°C çenli temperaturalarda işleýär.
ADATA SC730 göterijisi Windows 10 we 11, macOS 13 we ondan ýokary, Android 13 we has täze, Linux 6 we has täze ulgamlar bilen gabat gelýär. Şeýle-de, ol iPhone 15 we  16 hatarlaryny, oýun konsollaryny goldaýar.
Maglumat göterijisiniň korpusy barmak yzynyň galmagyna durnukly bolan polimer plastiginden ýerine ýetirildi. Satuwda 512 GB we 1 TB wersiýalary elýeterli bolar. Öndüriji 5 ýyl çäklendirilen kepillik  berýär.
SSD-niň bahasy we satuwyň başlanjak senesi heniz yglan edilmedi.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....