Eger işläp düzüjiler garşy çykmasa, Android oýunlarynyň ählisini kompýuterde oýnap bolar

  • 15.03.2025 18:34
  • 5.3k+

Öňümizdäki hepde geçiriljek GDC oýun işläp düzüjiler konferensiýasynyň öňüsyrasynda Google kompaniýasy, eger-de işläp düzüjiler garşy çykmasa, ähli Android mobil oýunlarynyň Google Play Games hyzmaty arkaly kompýuterler üçin elýeterli boljakdygyny mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Google Play Games hyzmaty ilkinji gezek 2022-nji ýylda beta görnüşinde işe girizildi we Android oýunlaryny kompýuterde oýnamak mümkinçiligini hödürläp başlady. Şondan bäri Google yzygiderli bu platformanyň mümkinçiliklerini giňeldip, hyzmaty has-da kämilleşdirip gelýär.
Şeýle-de kompaniýa kompýuterlerde oýnamak üçin elýeterli bolan mobil oýunlary belgilemek üçin täze «oýnap bolarlyk nyşanlaryny» (playability badge) hödürledi. Google Play-iň oýunlar boýunça baş menejeri Auraş Mahbodyň aýtmagyna görä, «optimizirlenen» (optimized) nyşany oýnuň ýokary hilli oýun tejribesi üçin ähli talaplara laýyk gelýändigini, «oýnap bolýar» (playable) nyşany bolsa, oýnuň kompýuterde işlemegi üçin zerur bolan iň pes talaplara laýyk gelýändigini görkezýär. «Barlanylmadyk» (untested) diýip bellik edilen oýunlar bolsa, diňe ady anyk gözleg arkaly tapylsa, dükanda görkeziler. Bu nyşanlar Steam platformasyndaky belliklere meňzeýär.
Häzirki wagtda bu platformada 50-den gowrak oýun bar. Google bu platformany şu ýyl ähli kompýuter oýunlaryny işläp düzüjilere açmagy meýilleşdirýär.
Mahbodanyň sözlerine görä, Google Play Games hyzmaty şu ýylyň dowamynda hemmeler üçin elýeterli bolar.


11.06.2026 14:00
2.7k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
989

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....