Blue Ghost enjamy Aýyň jümmüşini öwrenmek üçin ony burawlap başlady

  • 15.03.2025 18:30
  • 5.4k+

Firefly Aerospace hususy amerikan kompaniýasynyň Blue Ghost moduly Aýyň üstüni işjeň öwrenmäge başlady. Mare Crisium-da asuda gonandan soň, enjam, beýlekiler bilen bir hatarda, LISTER tejribesine girişdi.

Onuň maksady Aýyň üstüni 3 metre çenli burawlap, onuň jümmüşinden ýylylyk akymyny öwrenmekden ybarat.
Taslama NASA, Tehasyň tehnologiýa uniwersiteti we Honeybee Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

“Dürli nokatlardan alnan maglumatlary seljerip, biz hemranyň milliardlarça ýyllap nädip sowandygyny anyklap bileris” – diýip, ylmy gözlegiň ýolbaşçysy Seýiçi Nagihara düşündirýär.

Hödürlenen wideo regoliti böwsüp geçip, pytraňňylary dargadýan robotizirlenen dreliň işini görkezýär. Burawlama wagty Aýyň üstüniň elektrik bilen zarýadlanandygy sebäpli döreýän uçgunlar görünýär. Her 50 sm-den zond topragyň ýylylyk geçirijiligini barlap, üstden aşaky gatlaklaryň kartasyny döredýär.
LISTER-den başga-da, enjam ýene dokuz tejribe geçirer. Olaryň arasynda elektrik meýdanlarynyň kömegi bilen tozana garşy göreş tehnologiýasy we regolitiň dürli materiallar bilen birleşmek mümkinçiligini öwrenmek bar.
Günortanyň yssysyndan başlap, aşa sowuk gijeler ýaly şertlere garamazdan, enjam işlemegini dowam etdirýär. Firefly kompaniýasynyň aýtmagyna görä, Aýda günortan güýçli gyzma sebäpli gysga wagtlyk “arakesmä gidenden” soň, Blue Ghost sowady we ýene täze açyşlara taýýar. Onuň maglumatlary diňe bir ylmy işler üçin däl, eýsem adamzadyň kosmosda ornaşmagynda amaly çözgütler üçin esas bolar.


şu gün 10:37
320

NASA: Apofis asteroidi Ýer şaryna aragatnaşyk hemralaryndan hem ýakyn aralyga geler

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr....

düýn 12:14
6.3k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

21.04.2026 22:51
3.6k+

Bir sagatda 23 ýyldyz: ertir gije iň işjeň meteor ýagyşynyň tomaşasy bolar

Ýakyn gijelerde Lirid meteor ýagyşynyň işjeňlik nokady ýetip gelýär. Bu asman şüweleňi 30-njy aprele çenli dowam eder, ýöne iň ýokary nokada 22-nji aprelden 23-nji aprele geçilýän gijede garaşylýar....

21.04.2026 15:36
6.6k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......