Samsung sözünde durdy: Galaxy A56 zarýada goýulmazdan iki gün işleýär

  • 15.03.2025 16:29
  • 12k+

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda çykarjak smartfonlarynyň iki günläp zarýadsyz işläp biljekdigi baradaky wadasyny berjaý etdi. «SamMobile» tarapyndan geçirilen synaglarda, Galaxy A56 iki gün diýen ýaly zarýada goýulmazdan işlemegi başardy.

Maglumatlara görä, adaty ulanyşda (oýun oýnalmazdan) batareýanyň zarýady ikinji günüň ahyrynda 24%-e düşdi. Smartfonyň ekrany 6,5 sagat işjeň ulanyldy we garaşmak tertibinde 16 sagatdan hem köp işledi.
Galaxy A56 5000 mA·sag sygymly batareýa we 45 Wt çalt zarýad beriş tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan. Ol 4 nm tehnologiýasy esasynda öndürilen Exynos 1580 prosessory bilen işleýär. Bu garaşylmadyk täzelik boldy, sebäbi mundan ozal Exynos prosessorlary energiýa tygşytlylygy boýunça meşhur däldi.
Smartfonyň ekrany birneme uly we has ýagty bolsa-da, bu batareýanyň dowamlylygyna täsir etmändir. Galaxy A56 Android 15 esasly One UI 7 interfeýsi bilen işleýär. A5x hatarynyň içinde ol ilkinji bolup, 6 ýyl täzelenme alar.
Täze model «Circle to Search» we «Samsung Wallet» sanly açary ýaly emeli aň mümkinçiliklerini hem goldaýar. Kamerasynyň dizaýny üýtgedilip, üç linza Galaxy Fold-daky ýaly uzyn bloguň içinde ýerleşdirilipdir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...