Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň ilkinji renderleri peýda boldy

  • 16.03.2025 11:02
  • 2.3k+

OnLeask hökmünde tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer Android Headlines bilen bilelikde Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň renderlerini hödürledi.

Pixel 10 Pro XL modeli iPhone 17 Pro Max we Samsung Galaxy S26 Ultra bilen bäsleşer. Ol özünden öňki modeliň ölçeglerini saklar – 6,8 dýuým ekran bilen 162,7 × 76,6 × 8,5 mm.
Pixel 10 modeliniň korpusynyň ölçegi 152,8 × 72 × 8,6 mm bolup, ol 6,3 dýuým displeýe eýe bolar. Kameranyň öňe çykyp durmagy onuň ýogynlygyny 12 mm çenli artdyrar. Dizaýn üýtgemedi diýen ýaly. Smartfon tekiz gyraňlary, ýalpyldysyz çarçuwalary saklap galdy. Öçürmek-işletmek düwmesi bolsa smartfonyň ýokarsynda ýerleşdi. Bu eýýäm Pixel-iň firma aýratynlygyna öwrülip barýar.  
Pixel 10-yň esasy täzeligi öň diňe Pro wersiýalarda elýeterli bolan teleobýektiw boldy. Smartfonyň yzky panelinde indi üç kamera bar. Modulyň 3,4 mm ulaldylmagy bolsa goşmaça sensoryň bardygyny görkezýär.


Smartfonlaryň ikisi-de Android 16 bilen çykar – operasion ulgamyň relizi 2025-nji ýylyň iýun aýyna meýilleşdirilýär. Prosessor barada maglumat ýok, ýöne öndürijiligi we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze Tensor çibi ulanylyp bilner.
Google, adatça, flagmanlary tomsuň ahyrynda hödürleýär. Pixel 10 bilen hem şeýle bolsa gerek. Resmi maglumatlar anonsa golaý peýda bolar.
Hemmerstoffer özüni takyk syzma maglumatlary bilen tanatdy – olaryň arasynda Samsung Galaxy S21, Pixel 5, Huawei Mate 40, Sony Xperia XZ4, Google Pixel 4 XL we beýlekiler bar. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....