Bernar Arnonyň ogly Loro Piana italýan brendiniň ýolbaşçysy boldy

  • 15.03.2025 12:18
  • 6.1k+

Frederik Arno Loro Piana-nyň baş müdiri wezipesine bellendi. Bu barada «Vogue Business» neşiri habar berýär.

Loro Piana – LVMH konglomeratyna degişli, ýüň we kaşmirden tikilýän lýuks egin-eşikleri öndürýän italýan brendidir. Mundan ozal kompaniýanyň ýolbaşçysy Damýen Bertran bolupdy, ol indi Louis Vuitton-yň baş müdiriniň orunbasary wezipesine geçýär. Geçiş döwründe Frederik Arno onuň bilen bile işleşer.
Häzirki wagtda Bernar Arnonyň üçünji ogly LVMH-iň sagat bölümini dolandyryp, Tag Heuer, Hublot we Zenith brendlerine gözegçilik edýär. «Vogue Business» neşiriniň bellemegine görä, onuň täze wezipesi «berk lýuks» harytlaryndan (sagatlardan, şaý-seplerden) LVMH-iň esasy ugry bolan moda dünýäsine geçişini aňladýar.
Holdingiň içinde başga-da kadr üýtgeşmeleri boldy: Fendi brendiniň ýolbaşçysy Pýer-Emmanuel Anželoglu Dior-a geçer we baş müdiriň orunbasary wezipesini eýelär.
Arnonyň maşgalasynyň beýleki agzalary hem LVMH-de ýokary wezipeleri eýeleýärler. Delfina Arno Christian Dior Couture-yň ýolbaşçysy, Antuan Arno Loro Piana-nyň aragatnaşyk we direktorlar geňeşine gözegçilik edýär, Aleksandr Arno çakyr bölümini dolandyrýar, Žak Arno bolsa Louis Vuitton-yň sagat bölümine jogapkär.


düýn 12:26
2k+

Louis Vuitton 80-nji ýyllaryň äheňindäki 2025-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýasyny hödürledi

Louis Vuitton 2025-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýasyny hödürledi. Kreatiw direktor Nikolýa Žeskýer bu kolleksiýany syýahatlardan we 80-nji ýyllaryň ruhundan ylham alyp taýýarlady diýip, «Elle» habar berýär. Modeller...

16.02.2023 11:40
10k+

Farrell Uilýams Louis Vuitton-yň erkekler üçin hatarynyň täze döredijilik müdiri bolar

Fransiýanyň Louis Vuitton moda öýi amerikaly sazanda we dizaýner Farrell Uilýamsyň täze döredijilik müdiri boljakdygyny habar berdi. Ol brendiň erkekler üçin hataryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada buro247.ru belleýär...

şu gün 07:57
1.4k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

15.03.2025 06:42
2.8k+

Donatella Wersaçe Versace-iň döredijilik direktory wezipesini terk edýär

Donatella Wersaçe Versace-iň döredijilik müdiri wezipesinden çekilýär. Bu barada Italiýanyň moda öýi sosial ulgamlarda habar berdi. Indi modelýer brendiň ilçisi bolar. “Täze wezipesinde hanym Wersaçe özüni Versace...