“PSŽ” “Liwerpuly” Çempionlar ligasyndan çykardy: 1/4 finala ilkinji 4 gatnaşyjy belli boldy

  • 12.03.2025 12:58
  • 12k+

Çempionlar ligasynda 2024/2025 möwsüminiň 1/8 finalynyň jogap oýunlarynyň ilkinji güni tamamlandy. Dörtden bir finala “Barselona”, “Inter”, “Bawariýa” we “Pari Sen-Žermen” çykdy.

Ilkinji bolup “Barselona” bilen “Benfikanyň” oýny tamamlandy.

Bir hepde ozal “Barselona” azlykda “Benfikany” Rafinýanyň goly bilen utupdy (1:0). Jogap duşuşygynda braziliýaly oýunçy iki gol saldy. Ýene bir goly Lamin Ýamal öz hasabyna ýazdy, şeýle-de ol bir assist etdi. Myhmanlardan Nikolas Otamendi gol bilen tapawutlandy. Ahyrky netije – 3:1, eýýäm oýnuň birinji ýarymynda kesgitlendi.

Şeýlelikde, Rafinýa “Borussiýanyň” hüjümçisi Seru Girassiden (10) öňe geçip, häzirki Çempionlar ligasynyň bombardirleriniň sanawynda birinji orny eýeledi (11 gol). Ýamal 17 ýyl 241 gün ýaşynda ÇL-iň bir oýnunda hem gol salan, hem assist eden iň ýaş oýunçy boldy.

Agşamyň esasy gapma-garşylygynda “PSŽ” “Liwerpuly” utdy. Oýnuň esasy wagty Usman Dembeläniň goly bilen parižlileriň peýdasyna 0:1 hasabynda tamamlandy.

Parižde geçirilen birinji oýnuň hem mersisaýdlylaryň peýdasyna şeýle hasap bilen tamamlanandygy üçin, oýna goşmaça wagt goşuldy, ýöne toparlar gol geçirip bilmedi. Penalti tapgyrynda fransuz klubunyň oýunçylary has takyk boldy – 4:1.

Mýunheniň “Bawariýasy” jogap oýnunda “Baýeri” Garri Keýniň we Alfonso Dewisiň gollary bilen 2:0 hasabynda ynamly utdy (birinji oýun 3:0 hasabynda tamamlandy). Keýn bir ÇL möwsüminde 10 gol salan ilkinji iňlis oýunçy boldy.

Milanyň “Interi” jogap oýnunda Rotterdamyň “Feýenoordyny” utdy – 2:1. Ýeňijileriň düzüminde Markus Týuram we Hakan Çalhanoglu (penaltiden) tapawutlandy. Myhmanlardan Ýakub Moder gol geçirdi (penaltiden). Birinji oýun hem “Interiň” peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanypdy.

Şu gije Madridiň “Atletikosy” we “Real”, “Lill” we Dortmundyň “Borussiýasy”, “Aston Willa” we “Brýugge”, “Arsenal” we “PSW Eýndhowen” oýunlarynyň netijesi belli bolar.


düýn 15:58
7.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......