Hytaýda 2026-njy ýylda uçýan ulaglar köpçülikleýin önümçilige goýberiler

  • 10.03.2025 16:29
  • 11k+

Hytaýyň XPeng Motors elektromobil öndürijisi eýýäm indiki ýyl uçýan awtomobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlar. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri He Sýaopen habar berdi.

“Biz şeýle uçýan awtomobiller üçin uçuşy dolandyrmagyň täze ulgamyny işläp taýýarlar ýaly ulag serişdesini dolandyryşy emeli aň bilen birleşdirip, olary ulanyjylar üçin has howpsuz we rahat ederis” – diýip, China Daily neşiri He Sýaopeniň sözlerini getirýär.
Onuň aýtmagyna görä, eger ähli işler meýilnama boýunça alnyp barylsa, onda XPeng “dünýäde uçýan awtomobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajak ilkinji kompaniýa bolar”.

Önümçiligiň ilkinji tapgyrynda Land Aircraft Carrier (LAC) awtomobili üçin uçýan modulyň döredilmegine garaşylýar. Her ýyl şeýle gurluşlardan 10 müň sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär.
LAC 12-nji noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda Çžuhaýda geçiriljek Airshow China awiasalonynda görkezilmeli, ol ýerde onuň ilkinji uçuşy bolar.
Mundan başga-da, XPeng eýýäm 2025-nji ýylda üçünji nesil awtonom awtomobilleri döretmegi, 2026-njy ýyla çenli bolsa özbaşdak duralga ýerleşmäge ukyply bolan dördünji nesil sürüjisiz ulaglary hödürlemegi meýilleşdirýär.


16.06.2026 07:52
3.7k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......