Magomed Ankalaýew Aleks Pereýradan ýarym agyr agramda UFC-niň çempionlyk guşagyny aldy

  • 10.03.2025 12:03
  • 13k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) russiýaly söweşijisi Magomed Ankalaýew braziliýaly Aleks Pereýradan üstün çykyp, ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony boldy. Titul söweşi 9-njy martda Las-Wegasda geçirilen UFC 313 ýaryşynda boldy we tutuş bäş raund dowam etdi.

Magomed Ankalaýew Russiýadan UFC-niň bäşinji çempiony boldy diýip, Sports.ru belleýär. Mundan öň Oleg Taktarow, Habib Nurmagomedow, Pýotr Ýan we Islam Mahaçew çempion boldy.
Ankalaýew UFC-de 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 32 ýaşly söweşijiniň hasabynda MMA-da 20 ýeňiş, bir ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Pereýra karýerasynda 12 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy. Braziliýaly söweşiji ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny 2023-nji ýylyň noýabrynda gazandy, şondan soň ony üç gezek üstünlikli gorady.


şu gün 18:58
2.2k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

07.06.2026 20:02
7.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......