Hindistan oglan çaga üçin sygyr, gyz üçin pul berip, çaga dogluşyny höweslendirýär

  • 12.03.2025 06:36
  • 13k+

Hindistan, takmynan, 1,5 mlrd adam bilen dünýäniň iň gür ilatly ýurdy hasaplanýar. Muňa garamazdan, bu ýerli häkimiýetleri çaga dogluşyny höweslendirmek üçin täze başlangyçlary öňe sürmekden saklamaýar.

India Today neşiriniň maglumatlaryna görä, ýurduň günortasyndaky Andhra-Pradeş ştatynda ýerli maşgalalary üçünji çaganyň dogulmagy üçin höweslendirmek kararyna gelindi.
Eger gyz çaga dünýä inse, maşgala 50 müň rupiýa (takmynan, 570 dollar) tölenip bilner. Eger oglan çaga dogulsa, onuň ene-atasy sygyr alar. Bu haýwan induizmde mukaddes hasaplanýar.
Şeýle başlangyç bilen Wizianagaram şäherinden bir deputat çykyş etdi. Ol bu başlangyjy öz jübüsinden maliýeleşdirmäge wada berdi. Ýöne Andhra-Pradeşiň ilatynyň eýýäm häzir 53,3 mln adama barabardygyny göz öňünde tutsaň, onuň pul serişdesiniň näderejede ýetjekdigi sorag bolup galýar.
India Today Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň hem ilatyň sanyny artdyrmak boýunça çäreleri görmäge çagyrýandygy belläp geçýär. Hökümet eýýäm çagalaryň sanyna garamazdan, tölegli enelik rugsadyny bermek ýaly çäreleri kabul edýär. Öň Hindistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda Andhra-Pradeş ştatynda alty aýlyk enelik rugsady diňe ilkinji iki çaga dünýä inende berilýärdi.


düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

25.04.2026 16:51
9.2k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

20.02.2026 17:42
4.5k+

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi ýurduň ýerli atlar jemgyýetiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi...

15.02.2026 23:07
5.3k+

Hindistanda ýurt daşyndan alnan prosessorlary bejermekden ýüz öwrendigi üçin Intel-e 30 mln dollar jerime saldylar

Hindistanyň Bäsdeşlik baradaky komissiýasy (CCI) Intel korporasiýasyny bazardaky agdyklyk edýän ornundan bikanun peýdalanmakda aýyplady we kompaniýa takmynan 30 million dollar möçberinde jerime saldy. Komissiýanyň hasabatyna görä, Intel-iň Hindistandaky şahamçasy 2016-njy ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli "kemsidiji kepillik syýasatyny" ýöredipdir...