Toyota pajygaly heläkçilikden soň, RAV4-iň önümçiligini togtadýar

  • 09.03.2025 15:30
  • 13k+

Toyota 2025-nji ýylyň 10-njy martyndan başlap, Ýaponiýada RAV4 modeliniň önümçiligini wagtlaýynça togtadar. Munuň sebäbi - üpjün ediji Chuo Spring Co.-nyň zawodynda bolan partlamadyr.

Bu wakanyň netijesinde bir işçi heläk boldy, ýene-de iki adam ýaralandy. Adatdan daşary ýagdaý 6-njy martda Toyota şäherindäki şassi çeşmeleriniň, dolandyryş troslarynyň we ulaglar üçin beýleki möhüm bölek şaýlaryň öndürilýän zawodynda bolup geçdi. 2023-nji ýylda bolan şuňa meňzeş waka Toyota-da eýýäm köpçülikleýin önümçiligiň togtadylmagyna sebäp bolupdy.
Wagtlaýyn ýapylmak Takaoka zawodyndaky iki önümçilik liniýasyna, şeýle hem Toyota Industries Corp. kärhanasyndaky RAV4-iň we Harrier-iň önümçiligine täsir eder.
ABŞ üçin RAV4-leriň aglabasy Demirgazyk Amerikada gurnalýan hem bolsa, 2024-nji ýylda satylanlaryň 21%-i, gibrid görnüşleri bilen birlikde Ýaponiýada öndürildi. Toyota munuň üpjünçilige nähili täsir etjekdigini takyk aýtmaýar, ýöne öwezini doluş önümçiligini göz öňünde tutýar. Ýagdaýa 10-njy martda täzeden garalar.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....